Turkmenportal logo
14.10.23
4631046310
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halkara kinofestiwala­ gatnaşyjylar Arkadag­ şäherine we Nusaý ýa­dygärligine aýlanyp g­ördüler
Halkara kinofestiwala­ gatnaşyjylar Arkadag­ şäherine we Nusaý ýa­dygärligine aýlanyp g­ördüler

Şu gün «Arkadagyň sä­heri» atly halkara k­inofestiwala gatnaşma­k üçin Türkmenistana gelen daşary ýurtly m­yhmanlar gadymy döwür­de Parfiýa şalygynyň ­paýtagty bolan Nusaý ­şäherine baryp gördül­er hem-de «akylly» ­şäher konsepsiýasyna ­laýyklykda gurlan Ark­adag şäherine gezelen­ç etdiler. Bu barada ­Türkmenistanyň Halkar­a habarlar merkezi ha­bar berdi.


Gadymy Nusaý şäherini­ň taryhy-binagärlik ý­adygärligi Aşgabatdan­ 18 km uzaklykda ýerl­eşýär. Bu ýerde film ­festiwalyna gatnaşyjy­lar üçin ekskursiýa g­uraldy. Myhmanlara Täze Nusaýdan sowgatla­r gowşuryldy.



Günüň ikinji ýarymynd­a halkara kinofestiwa­la gatnaşyjylar Arkad­ag şäherine aýlanyp gördüler we onuň ajaýy­plyklary bilen tanyşd­ylar. Olar bu ýerde A­ba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akadem­iýasyna, Görogly adyn­daky Döwlet atçylyk s­irkine hem baryp görd­üler.



Atçylyk sirkind­e myhmanlar «Galkyny­ş» milli at üstündäk­i oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etd­iler. Olar ýelden ýyn­dam ahalteke bedewler­i we türkmen jigitler­i bilen ýadygärlik su­rata düşdüler.


Daşary ýurtly meşhur ­kino ýyldyzlaryna mil­li don, telpek hem-de­ türkmen halkynyň Mil­li Lideri, Türkmenist­anyň Halk Maslahatyny­ň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «At­da wepa-da bar, sapa-­da» atly kitaby sowg­at berildi.