Turkmenportal logo
12.10.23
2866828668
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Rowachlan Galkynysh» polipropilen gaplary özbaşdak sargyt esasynda taýýarlamak hyzmatlaryny hödürleýär

«Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy ýokary hilli polipropilen gaplary —haltalary, «ýeňlikleri» hem-de big-begleri «Rowachpack» haryt nyşanynda daşary ýurtlara eksport edýändigi bilen Türkmenistanyň daşyndaky dürli senagat önümlerini öndürijiler tarapyndan hem giňden tanalýar.


Degişli gaplama önümleri ürgün görnüşli azyk önümlerini, gurluşyk materiallaryny hem-de beýleki önümleri gaplamak we daşamak üçin ulanylýar. Kärhana şeýle-de önümi müşderiniň isleglerine laýyklykda özbaşdak görnüşde öndürýär: dürli göwrümli adaty haltalardan, soňlugy bilen şu hili haltalar tikilýän «ýeňlerden» we big-beglerden başga-da, «Rowachlan Galkynysh-da» adaty göwrümde bolmadyk ýükler üçin özbaşdak sargyt taslamalary esasynda gaplar öndürilýär.


Polipropilen ýokary derejede berkligi, ýeterlik derejede howa geçirijiligi hem-de ýagtylyk geçirmeýändigi bilen tapawutlanýar, şeýle-de +160 derejeli temperatura çydamly bolýar.


«Rowachlan Galkynysh» kärhanasynyň wekilleri bilen (+993 62) 29 29 69 hem-de (+993 12) 29 29 69 telefon belgileri, şeýle-de rowachpack@gmail.com elektron poçta salgysy arkaly habarlaşmak bolýar.


Şeýle-de okaň: