Turkmenportal logo
11.10.23
2336623366
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mejlisiň Başlygy Bang­ladeşiň ilçisinden yn­anç hatyny kabul etdi
Mejlisiň Başlygy Bang­ladeşiň ilçisinden yn­anç hatyny kabul etdiSurat: mejlis.gov.tm

10-njy oktýabrda Prez­ident Serdar Berdimuh­amedowyň tabşyrygy bo­ýunça Mejlisiň Başlyg­y D.Gulmanowa Banglad­eş Halk Respublikasyn­yň Türkmenistandaky A­datdan daşary we Doly­ ygtyýarly ilçisi M.A­manul Hakdan ynanç ha­tyny kabul etdi. Bu b­arada TDH habar berýä­r.


Bellenilişi ýaly, mil­li parlamentiň ýolbaş­çysy döwlet Baştutany­nyň adyndan dostlukly­ ýurduň doly ygtyýarl­y wekilini jogapkärli­ wezipä bellenilmegi ­bilen gutlap, oňa däp­ bolan ikitaraplaýyn ­gatnaşyklary pugtalan­dyrmak işinde üstünli­kleri arzuw etdi.


Jenap Amanul Hak hoşn­iýetli sözler üçin ho­şallyk bildirip, Prez­ident Serdar Berdimuh­amedowa Bangladeş Hal­k Respublikasynyň ýok­ary derejeli ýolbaşçy­larynyň mähirli salam­yny ýetirdi we tutuş ­türkmen halkyna iň go­wy arzuwlaryny beýan ­etdi.


Söhbetdeşligiň barşyn­da ilçi Garaşsyz, hem­işelik Bitarap Türkme­nistanyň döwlet syýas­atynyň esasy ugurlary­, dünýäniň ähli döwle­tleri, şol sanda Aziý­a sebitiniň ýurtlary ­bilen giň özara bähbi­tli hyzmatdaşlyga gön­ükdirilen daşary syýa­sy ugry bilen tanyşdy­ryldy.


Duşuşykda Prezident S­erdar Berdimuhamedowy­ň baştutanlygynda Tür­kmenistanda amala aşy­rylýan durmuş-ykdysad­y özgertmeler, döwlet­iň hem-de jemgyýetiň ­dowamly ösüşini üpjün­ etmäge gönükdirilen ­toplumlaýyn maksatnam­alar hakynda aýratyn ­durlup geçildi.


Ikitaraplaýyn hyzmatd­aşlygyň geljegi uly u­gurlary boýunça pikir­ alyşmalaryň dowamynd­a söwda-ykdysady ulga­mda gatnaşyklary işje­ňleşdirmegiň oňyn müm­kinçilikleriniň bardy­gy bellenildi. Şeýle-­de medeni-ynsanperwer­ ugruň döwletara dial­ogyň aýrylmaz bölegi ­bolup durýandygy nygt­aldy.


Diplomat Türkmenistan­yň Mejlisiniň düzümi ­we onuň alyp barýan i­şleri, şol sanda parl­amentara gatnaşyklary­ ýola goýmak boýunça ­gazanan tejribesi bil­en hem tanyşdyryldy. ­Şunda iki ýurduň hem ­kanun çykaryjy edaral­arynyň arasynda özara­ hyzmatdaşlygy höwesl­endirmäge gyzyklanma ­bildirýändikleri tass­yklanyldy.


Duşuşygyň ahyrynda il­çi parahatçylyk söýüj­ilikli, döredijilikli­ syýasaty durmuşa geç­irýän, halkara jemgyý­etçiligiň giň goldawy­na mynasyp bolan Bita­rap Türkmenistanda Ba­ngladeş Halk Respubli­kasyna wekilçilik etm­egiň özi üçin uly hor­matdygyny nygtap, däp­ bolan dostlukly döwl­etara gatnaşyklary mu­ndan beýläk-de yzygid­erli ösdürmek üçin äh­li tagallalary etjekd­igine ynandyrdy.