Turkmenportal logo
04.10.23
2051220512
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
104 ýaşly zenan paraşýutly böküp, dünýä rekordyny goýdy
104 ýaşly zenan paraşýutly böküp, dünýä rekordyny goýdy
Surat: 24.kz

Amerikaly 104 ýaşly Doroti Hoffner paraşýutda bökmekde iň uzak ýaşly zenan hökmünde dünýä rekordyny goýdy diýip, «Habar 24» ýazýar.



Ol instruktor bilen bilelikde, 4 müň metrden hem belentlikden paraşýutly bökdi we ýere düşenden soňra ýaşyň diňe san görkezijisidigini aýtdy. Bu gezekki böküş Doroti üçin 2-nji gezekdir, ol birinji sapar 10 ýaşyndaka paraşýutly böküpdir.


Pensioner enäni Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmekçi bolýarlar. Bu ugurda öňki rekordy geçen ýyl Şwesiýanyň 103 ýaşly ýaşaýjysy goýupdy.