Turkmenportal logo
01.10.23
4348343483
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
5-nji oktýabrda Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirilýär
5-nji oktýabrda Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirilýär

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Köpetdag etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara-binasynda, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýär. Bu barada Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün edip bilerler.


Işe ýerleşmek isleýän raýatlar şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşyp bilerler.


Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:


Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda.


Habarlaşmak üçin telefon belgiler:


92-21-37;
92-71-82.