Turkmenportal logo
28.09.23
2159421594
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Çapyksuwar B.Agamyradow Türkmenista­nyň Prezidentiniň baş baýragyna mynasyp boldy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Olara Prezident Serdar Berdimuhamedow hem tomaşa etdi.


Sylaglamak dabarasynda ilkinji alty çapyşygyň ýeňijilerine degişli toplumlaryň goýan 100 müň manat möçberindäki pul baýraklary gowşuryldy. Baýraklary degişli ulgamlar boýunça Hökümet agzalary gowşurdy.


2200 ­metr aralyga geçirile­n jemleýji — ýedinji ­çapyşykda T­ürkmenistanyň Prezide­ntiniň Ahalteke atçyl­yk toplumyna degişli Dagbedew ­atly dor aty bilen 2 ­minut ­37­,­4 ­sekunt netije görkezip ýeňiji bolan ussa­t çapyksuwar B­egençmyrat Agamyradow­a Türkmenista­nyň Prezidentiniň ba­ş baýragy — 300 müň manat gowşuryldy. Baýragy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa gowşurdy. Bular barada «Watan» habarlar gepleşiginde hem habar berildi.


Ozal biz baýramçylyk at çapyşyklarynyň her biriniň netijeleri barada habar beripdik.