25-nji sentýabrda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň hem-de Russiýanyň Premýer-ministri M.Mişustiniň, Belarusyň Hökümet Baştutany R.Golowçenkonyň, şeýle hem Gyrgyzystanyň Premýer-ministri A.Žaparowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Gazagystanda «Innoprom. Gazagystan» halkara senagat sergisiniň çäklerinde guraldy diýip, Gazagystanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşykda Gazagystanyň Prezidenti Hökümet baştutanlaryna ýüzlenip, EAEU döwletleriniň hyzmatdaşlygy ep-esli güýçlendirmek üçin ägirt uly ätiýaçlyklarynyň bardygyny, şonuň üçin olary ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň işjeň ulanylmalydygyny aýtdy.
Duşuşykda Gazagystanyň Prezidenti söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň üstaşyr we ulag mümkinçilikleriniň açylmagy bilen ýakyndan baglanyşyklydygyny, şonuň üçin ulag mümkinçilikleri yzygiderli ösdürilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol öz çykyşynda «Demirgazyk—Günorta» ulag geçelgesiniň Eýrana, Pars aýlagyna we Hindistana, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly we Günbatar Ýewropa — Günbatar Hytaý ýoly bilen baglanyşykly mümkinçilikleri belläp geçdi.
Kasym-Žomart Tokaýew Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerine aýratyn üns berdi diýip, çeşme belleýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen onuň eýranly kärdeşi Ebrahim Raisi Nýu-Ýorkda geçirilen iki taraplaýyn duşuşykda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar.
