Turkmenportal logo
24.09.23
3365533655
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurduň üstünlikleriniň esasynda döwlet Garaşsyzlygynyň durýandygyny belledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurduň üstünlikleriniň esasynda döwlet Garaşsyzlygynyň durýandygyny belledi

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Onda çykyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň üstünlikleriniň esasynda döwlet Garaşsyzlygy durýandygyny belledi.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň garaşsyzlyk we döwletlilik, watansöýüjilik hem-de ynsanperwerlik düşünjeleri gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Bu barada TDH ýazýar.


«Bu düşünjeler biziň günlerimizde halklaryň ýakynlaşmagyna, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýän milli we umumadamzat ähmiýetli taglymatlara öwrüldi. Milli bitewüligi emele getirip, döwlet Garaşsyzlygynyň esaslaryny düzdi» diýip, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň sözlerine görä, biziň beýik ýeňişlerimiziň hem-de üstünliklerimiziň, döwletimiziň barha artýan halkara abraýynyň esasynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy durýar. «Garaşsyzlyk bize döretmäge — kuwwat, gurmaga — güýç, рarahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga — egsilmez ylham berýär!» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.