Russiýanyň at gazanan suratkeşi, professor German Mazurin 91 ýaşynda aradan çykdy diýip, ýurduň Çeperçilik akademiýasyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.
Mazurin çeper eserleriň 200-den gowrak neşiriniň çeper bezegçisi boldy. Olaryň arasynda Arkadiý Gaýdaryň «Timur we onuň topary», Mark Tweniň «Tom Soýeriň we Geklberri Finniň başdan geçirmeleri», Sergeý Mihalkowyň «Stepa daýy» we Anton Çehowyň «Kaştanjyk» atly eserleri bar.

