Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Hytaýa tebigy gazyň eksportyny 5 göterim artdyrdy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp, TASS habar berýär.
Çeşmede bellenilişine görä, Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda umumy bahasy 6,63 milliard amerikan dollaryna deň bolan «mawy ýangyjy» hytaý bazaryna ugratdy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5 göterim artykdyr. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan Hytaýa turbageçirijiler arkaly tebigy gazy eksport etmekde liderligi özünde saklaýar. Bu ugurda ikinji orun şu ýyl Hytaýa turbageçirijiler arkaly tebigy gazyň eksportyny ii esse artdyran Russiýa Federasiýasyna (4,46 milliard amerikan dollarlyk) degişli bolsa, ilkinji üçlügi Mýanma (993 million amerikan dollarlyk) jemleýär.

