Turkmenportal logo
20.09.23
3877538775
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy
Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň Sergi merkezinde ýurduň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy.



Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara Gutlagy okaldy.


«Bu giň möçb­erli serginiň berkara­r Watanymyzyň gazanan­ üstünliklerini, ýete­n belent sepgitlerini­ beýan edip, geljekki­ ösüşlerimiziň badalg­asyna öwrüljek başlan­gyçlary, täze taslama­lary ilerletmekde uly­ ähmiýete eýe boljakd­ygyna berk ynanýaryn» diýip, Gutlagda aýdylýar.


Sergä milli ykdysadyýetiň döwlete degişli we hususy kärhanalar gatnaşýarlar.



Serginiň her bölümi halk hojalygynyň özboluşlygyny emele getirmekde dowam edýän häzirki zaman özgerişleriniň gerimi we üstünligi bilen haýran galdyrýar.


Uly göwrümli serginiň esasy maksady diňe bir gazanylan üstünlikleri däl, eýsem ykdysady pudaklaryň mümkinçiliklerini, düýpli özgertmeleriň netijelerini, şeýle hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň netijeliligini görkezmekden ybaratdyr.