Turkmenportal logo
18.09.23
2464524645
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti raýat ýagdaýynyň namalary bilen bagly sebitleýin duşuşyga gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 11 — 15-nji sentýabr günlerinde Taýlandyň Bangkok şäherinde BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasy tarapyndan «Raýat ýagdaýynyň namalaryny resmileşdirmekde dolulygy hem-de deňsizligi bahalandyrmak» ady bilen geçirilen sebitleýin duşuşyga gatnaşdy.


Sebitleýin forum Türkmenistan bilen bir hatarda, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Kambojanyň, Gündogar Timoryň, Şri-Lankanyň, Butanyň, Hindistanyň, Mongoliýanyň statistiki edaralarynyň hünärmenlerinden ybarat bolan wekiliýetlerini bir ýere jemledi. Şeýle-de oňa ESKATO-nyň hem-de ÝUNISEF-iň hem wekilleri gatnaşdylar.


Duşuşygyň çäginde hünärmenler ikinji derejeli çeşmelerden peýdalanyp, dogluşyň we ölümiň hasaba alynmagynyň dolulygyna baha bermek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Mundan başga-da, duşuşykda raýat ýagdaýynyň namalarynyň hasaba alynmagynyň dolulygyna baha bermek boýunça dürli ýurtlarda geçirilen synaglaryň netijeleri hödürlenildi.