Turkmenportal logo
14.09.23
1851218512
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«ITEA» algoritmi wizuallaşdyrmagyň usullary boýunça ussatlyk sapagyny geçirer

«ITEA» IT-akademiýasy IT hünärmenlerini, programmistleri we ykjam programmalary işläp düzüjileri «Sortirowka algoritmlerini wizuallaşdyrmak» mowzugy boýunça nobatdaky ussatlyk sapagyna çagyrýar.


Sortirowka algoritmleri belli bir kriteriýa boýunça göwrüm ýa-da sanaw elementlerini tertipleşdirmek üçin ulanylýar. Olaryň wizuallaşdyrylmagy algoritmiň işleýşine we onuň göwrüm elementlerini nädip tertipleşdirýändigine has gowy düşünmäge mümkinçilik berýär. Wizuallaşdyrmagyň usullaryny bilmek talyplara we programmistlere sortirowka algoritmleriniň esaslaryny özleşdirmäge hem-de anykbir mesele üçin iň täsirli algoritmi saýlamaga kömek eder.


Ussatlyk sapagynyň dowamynda diňleýjiler sortirowka algoritmlerini wizuallaşdyrmagyň köpürjik görnüşi, çalt sortirowka etmek we saýlap sortirowka etmek ýaly görnüşleri bilen tanyşarlar.


Ussatlyk sapagyny «ITEA» IT-akademiýasynyň we «Coddy» çagalaryň halkara programmirleme mekdebiniň mugallymy Annanazar Annanazarow alyp barar. Ol Aşgabatdaky mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde maglumat tehnologiýalary ulgamynda ussatlyk sapaklaryny geçirmekde baý tejribä eýedir.


Çäre 30-njy sentýabrda sagat 18-30-da «Berkarar» işewürlik merkeziniň binasynyň 1-nji gatynda, A7 ofisinde geçiriler.


Ussatlyk sapagyna gatnaşmagyň bahasy 150 manat. Görkezilen salgy arkaly öňünden hasaba alynmak zerurdyr.