Turkmenportal logo
09.09.23
3383233832
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.


Täjigistan Respublikasy syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly üstünlikleri gazandy, ykdysady ösüşde täze sepgitlere ýetdi, şeýle hem halkara giňişlikde at-abraýyny yzygiderli ýokarlandyrdy. Türkmenistan Täjigistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine we ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Biziň ýurtlarymyzyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda alyp barýan işlerini üstünlikli utgaşdyrýandygyny bellemek ýakymlydyr - diýip, türkmen döwletiniň Baştutany gutlagynda belledi.


Türkmenistanyň Prezidenti bilelikdäki tagallalar netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň doganlyk halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, täjik kärdeşi Emomali Rahmona berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Täjigistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.