Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň 2023-2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasy tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, resminama Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary tarapyndan terrorçylyga we zorlukly ekstremizme garşy göreşmek, bu ugurda iş alyp barýan halkara guramalar hem-de beýleki döwletleriň degişli edaralary bilen hyzmatdaşlyk çygrynda alnyp barylýan gatnaşyklary işjeňleşdirmek, tejribe alyşmak we milli hünärmenleriň başarnyklaryny ýokarlandyrmak, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.
Resminama bilen, Türkmenistanyň degişli ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna şu Meýilnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
