Turkmenportal logo
08.09.23
1747017470
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMGÖM syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň milli statistiki kuwwatyny güýçlendirýär
BMGÖM syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň milli statistiki kuwwatyny güýçlendirýär

2023-nji ýylyň 17-nji awgustyndan 5-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda syýahatçylyk çykdajylaryny barlamak boýunça birnäçe okuw-treningleri geçirildi. Bu barada «nCa» internet portalynda habar berildi.


Habar berlişi ýaly, treningler BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) tarapyndan Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň institusional, statistik we maglumat-tehniki kuwwatyny güýçlendirmek» atly bilelikdäki taslamanyň çäginde guralýar.



Okuwlara myhmanhana administratorlary, syýahatçylyk agentleri we syýahatçylyk operatorlary, şeýle hem interwýuçylar ýaly milli syýahatçylyk pudagynyň wekilleri gatnaşdylar. Olar syýahatyň dürli görnüşleri bilen baglanyşykly syýahat çykdajylaryny düzmegi öwrendiler.


Okuwa gatnaşyjylar BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (UNWTO) ülňülerine laýyklykda işlenip düzülen syýahatçylyk çykdajylarynyň derňewleriniň dürli görnüşleri, şol sanda barlag-goýberiş nokatlarynda, köpçülikleýin ýaşaýyş jaýlarynda kireýine ýaşaýanlar bilen, syýahatçylyk ýerlerine gelýänler bilen geçirilen pikir soraşmalar bilen tanyşdyryldy.