Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe gutlag hatyny ýollady.
Özbek Lideriniň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, gutlagda, hususan-da, şeýle ýazylýar:
– Soňky ýyllarda Özbegistan döwletiň gülläp ösmeginde uly üstünlikler gazandy. Häzirki wagtda ýurtda durmuş-ykdysady ösüşe we halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ägirt uly özgerişler amala aşyrylýar.
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny bellemek isleýärin. Biz türkmen-özbek gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berýäris, şeýle hem iktaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmaga taýýardyrys.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlag hatynda Özbegistanyň döwlet Baştutanyna şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, jogapkärli işlerinde üstünlik, özbek halkyna bolsa parahatçylyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.
Ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň özbegistanly kärdeşine baýramçylyk gutlagyny ýollandygyny habar beripdik.

