Turkmenportal logo
31.08.23
1451214512
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Gyrgyz Respublikasyna 1 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny eksport etdi
Türkmenistan Gyrgyz Respublikasyna 1 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny eksport etdi

2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Gyrgyz Respublikasy Türkmenistandan 1 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny import etdi. Şeýle maglumatlar Milli statistika komiteti tarapyndan berilýär diýlip, «Tazbek» ýazýar.


Gyrgyzystanda 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda elektrik energiýasynyň importy 32,3 göterim ýokarlanyp, 2,1 milliard kilowat-sagada ýetdi. Türkmenistan Gyrgyz Respublikasyna elektrik energiýasyny eksport edýän esasy ýurt bolup durýar.


Şeýle hem bu sanawda Gazagystan (667,6 million kWt sagat), Russiýa (283,4 million kWt sagat) we Özbegistan (145,6 million kWt sagat) bar.