Turkmenportal logo
31.08.23
2265122651
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Milli güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibni Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berildi.


– Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda belledi.


Türkmen döwletiniň Baştutany şeýle-de gatnaşyklaryň iki döwletiň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Anwar Ibrahime we XVI Ýokary Baştutan Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibni Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Malaýziýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.