Turkmenportal logo
24.08.23
2525425254
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaý Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Gyrgyzystan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlaşdyrmak üçin Täjigistana maýa goýumlaryny gönükdirýär

Hytaýyň premýer-ministriniň orunbasary He Lifen täjigistanly kärdeşi Rustam Emomali bilen duşuşyp, Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Gyrgyzystan — Hytaý turbageçirijisiniň «D» şahasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşyk Rustam Emomaliniň Hytaýa resmi saparynyň çäklerinde geçirildi.


Bu barada täjik metbugatynda şeýle habar berilýär: «Täjigistanda häzirki zaman energetika pudagynyň ösmegine Hytaýyň maýa goýumlaryny we tehnologiýalaryny çekmek arkaly Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Gyrgyzystan — Hytaý gaz geçirijisiniň «D» şahasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmagyň zerurdygy nygtaldy».


Turkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurulmagy Hytaýa goşmaça 25 milliard kub metr tebigy gazy ibermek üçin niýetlenendir. Gaz geçirijisiniň dördünji şahasy ilkinji üçüsinden tapawutlylykda, Gazagystanyň däl-de, Gyrgyzystanyň üstünden geçer.