Turkmenportal logo
12.08.23
6963869638
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentligi awiakompaniýanyň ähli uçuşlary üçin petekleri rublda onlaýn satyp başlady
Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentligi awiakompaniýanyň ähli uçuşlary üçin petekleri rublda onlaýn satyp başlady

Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentligi awiakompaniýanyň ähli uçuşlary üçin rus rubllarynda petek satyp başlady. Bu barada Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.


Awiakompaniýanyň halkara aragatnaşyk ulgamy Deli (Hindistan), Dubaý (BAE), Maýyn boýundaky Frankfurt (Germaniýa), Kazan (Russiýa), Moskwa (Russiýa), London (Beýik Britaniýa), Pekin (Hytaý) we Stambul (Türkiýe) ýaly şäherleri öz içine alýar.


Petekleri Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentliginiň resmi web sahypasyndan, şeýle hem agentligiň Moskwa, Kazan we Sankt-Peterburgdaky satuw ofislerinden satyn alyp bilersiňiz.


Syýahatçylar «Mir» töleg ulgamynyň bank kartyny ulanyp, rus walýutasynda töleg edip bilerler.