«Arkadag» futbol toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew toparyň Bolgariýadaky okuw-türgenleşikleriniň çäginde umumy ýagaý barada gürrüň berdi:
― Ýeňişlerimizi dowam etdirmek we janköýerlerimizi begendirmek üçin geldik. Esasy maksadymyz fiziki we taktiki başarnyklarymyzy artdyrmak. Türgenleşiklerimizde indiki duşuşyklar üçin meýilleşdirilýän oýun usullarymyzy synag edip görýäris. Düzümdäki oýunçylaryň aglabasynyň soňky bir ýylyň dowamynda bile oýnap gelýändigi üçin sazlaşyk babatynda hiç hili mesele ýok. Galyberse-de, oýunçylarymyzyň tas ählisiniň diýen ýaly milli ýygyndymyzda çykyş etmek tejribesi hem bar.
Bansko ― ajaýyp şypahana künjegi. Bu ýerde tebigat akylyňy haýran edýär. Taryhy binalar hem kän. Türgenleşiklerden boş wagtymyzda stoluň üstünde oýnalýan tennise güýmenýäris, bugly hammamlarda, howuzlarda dynç alýarys. Şähere gezelenç etmek hem ýakymly.
Didar Durdyýew toparyň täze şäherdäki täze stadiony barada hem pikirlerini paýlaşdy:
― Öz stadionymyzyň bolmagy ýakymly ýagdaý. Biz oňa ýeňiş bilen gadam goýduk. Nesip bolsa, bu ýeňiş indiki ýeňişlerimiziň badalgasy bolar.
