Turkmenportal logo
01.08.23
3507835078
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistan, Türkmenistan we Eýran halkara ulag geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär
Özbegistan, Türkmenistan we Eýran halkara ulag geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär

Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň Hökümetleriniň arasynda halkara ulag geçelgesini guramak baradaky şertnama gol çekilmegini çaltlaşdyrmak meseleleri öwrenilýär.


Özbegistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy ýurduň Ulag ministrliginiň we Eýranyň Ýol we şäher ösüş ministrliginiň wekilleriniň halkara ulag geçelgesini guramak meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny habar berdi. Bu barada TASS ýazýar.


«Şu ýylyň 31-nji iýulynda Özbegistanyň Ulag ministrligi bilen Eýranyň Ýol we şäher ösüş ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi. Duşuşykda Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň Hökümetleriniň arasynda halkara ulag geçelgesini guramak baradaky şertnama gol çekilmegini çaltlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy» diýlip, Metbugat beýanatynda aýdylýar.