Turkmenportal logo
28.07.23
4704647046
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy CAFA Futsal Cup-2023-däki dördünji duşuşygyny gyrgyz futzalçylary bilen geçirer
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy CAFA Futsal Cup-2023-däki dördünji duşuşygyny gyrgyz futzalçylary bilen geçirer

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy CAFA Futsal Cup-2023-däki çykyşyny şu gün Gyrgyzystanyň ýygyndysy bilen geçirjek duşuşygy arkaly dowam etdirer. Duşuşyk öýlän sagat 17-de başlanýar.


Duşenbe şäherinde 23-nji iýulda başlanan Merkezi Aziýanyň çempionatyna Ýakup Öwezowyň şägirtleri Eýranyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňmek bilen başlapdylar. Soň olar Täjigistandan 2:4, Özbegistandan bolsa 1:3 hasabynda asgyn geldiler.


Ýaryş 30-njy iýunda tamamlanar. Türkmenistanly futzalçylar şol gün Owganystanyň ýygyndysy bilen duşuşarlar.


CAFA Futsal Cup-2023


4-nji tapgyr, 28-nji iýul (anna)


  • 14:00 – Eýran – Özbegistan
  • 17:00 – Gyrgyzystan – TÜRKMENISTAN
  • 20:00 – Owganystan – Täjigistan

5-nji tapgyr, 30-njy iýul (ýekşenbe)


  • 14:00 – TÜRKMENISTAN – Owganystan
  • 17:00 – Özbegistan – Gyrgyzystan
  • 20:00 – Täjigistan – Eýran.