Turkmenportal logo
25.07.23
3596035960
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly talyp türgenler Tomusky uniwersiadanyň geçiriljek şäherine bardylar

Türkmenistanyň talyplar ýygyndy topary Bütindünýä Tomusky uniwersiadasyna gatnaşmak üçin Hytaýyň Çendu şäherine bardy. Bu barada türkmen metbugaty habar berýär.


Uniwersiadanyň ýaryşlaryna 28-nji iýulda badalga berler we olar 8-nji awgusta çenli dowam eder.


Türkmenistanly talyp türgenleriň ýeňil atletika, uşu, suwda ýüzmek we dzýudo boýunça ýaryşlara gatnaşmagyna garaşylýar.