Turkmenportal logo
24.07.23
5520755207
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly telekeçileriň «Smart China Expo 2023» sergisine gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanly telekeçileriň «Smart China Expo 2023» sergisine gatnaşmagyna garaşylýar

Türkmenistanly telekeçiler «Smart China Expo 2023» intellektual senagatynyň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Sergi Hytaýyň Çongçin şäherinde 2023-nji ýylyň 4 — 6-njy sentýabry aralygynda geçirilýär.


Tehniki sergi üçin onlaýn we offlaýn görnüşinli sergi stendlary taýýarlanylýar.


«Bu çäre intellektual önümçilik we intellektual transport ýaly 30-dan gowrak ugurlarda akylly tehnologiýalaryň amalyýetde ulanylyşynyň müňden gowrak usullary görkezer» diýlip, «Orient» tarapyndan habar berilýär.