Turkmenportal logo
24.07.23
2673626736
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Çarli Çapliniň gyzy Jozefina aradan çykdy
Surat: ria.ru

Rowaýaty iňlis kinoaktýory we režissýory Çarli Çapliniň gyzy, aktrisa Jozefina Çaplin 13-nji iýulda Parižde aradan çykdy diýip, «RIA Nowosti» habarlar gullugy «Figaro» gazetine salgylanyp habar berdi.


74 ýaşly aktrisanyň aradan çykandygy barada onuň ýakynlary habar berdi. Merhumy soňky ýoluna ugratmak dabarasy Parižde ýakynlarynyň gatnaşmagynda boldy.