Turkmenportal logo
23.07.23
2802428024
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň milli baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň milli baýramy – Ynkylap güni mynasybetli Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah El-Sisä tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdel Fattah El-Sisä berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Müsür Arap Respublikasynyň halkyna bolsa, parahatçylyk, abadançylyk hem-de mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.