Turkmenportal logo
22.07.23
4027840278
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TFF-niň ýolbaşçysy we Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Merkezi Aziýa döwletleriniň futbol birleşmeleriniň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşdylar
TFF-niň ýolbaşçysy we Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Merkezi Aziýa döwletleriniň futbol birleşmeleriniň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow we ýurduň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň we Özbegistanyň futbol birleşmeleriniň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşdylar.


Duşuşykda taraplar halkara derejesindäki futbol ýaryşlaryny, şol sanda dürli ýaş derejelerindäki toparlaryň arasynda birinjiligi geçirmek mümkinçiligine seretdiler. Duşuşyk Yssykkölde Gyrgyzstanda geçdi diýip, Gyrgyz futbol birleşmesi (GFB) habar berýär.


Taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meýilnamalar, bilelikdäki taslamalaryň esasy aspektleri, şeýle hem infrastrukturany kämilleşdirmek üçin gelejekdäki işler, işgärler çeşmesini pugtalandyrmak we gerekli maliýeleşdirmäni üpjün etmek barada pikir alyşdylar.


Duşuşygyň netijeleri boýunça meýiller barada teswirnama gol çegilmegi ylalaşyldy, bu bolsa iş toparynyň döredilmegi üçin esas bolup hyzmat eder, onuň wezipesi Merkezi Aziýanyň türki dilli ýurtlarynda futbolyň ösüşiniň barşyny kämilleşdirmegiň üstünde işlemek bolar.


«Duşuşygyň barşynda birleşmeleriň ähli ýolbaşçylary hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin isleg we taýýarlyk bildirdiler» diýip, GFВ-de duşuşygyň jemleri barada belliklerini aýtdylar.