FIFA-nyň Agza Bileleşikleri bölüminiň dolandyryjysy Rolf Tanner (Şweýsariýa), FIFA-nyň Agza Bileleşikleriniň hyzmatlary bölüminiň uly dolandyryjysy Ahmed Harraz (Müsür), şeýle-de, AFK-nyň hünärmenleri Sanjar Rizaýew (Özbegistan), Ýogeş Desai (Hindistan) hem-de Rouzbeh Maýahi (Eýran) Türkmenistanda resmi saparda boldular. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.
Bu sapar agzalan guramalar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli alnyp barylýandygyny görkezýär.
16 ― 21-nji iýul aralygynda ýurtda bolan FIFA-nyň hem-de AFK-nyň resmi wekilleri TFF-niň alyp barýan işleri bilen içgin gyzyklanyp, geljekde-de özara hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmak boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.

