Turkmenportal logo
21.07.23
5214052140
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sentýabrda Türkmenistanyň we Indoneziýanyň futbol ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler
Sentýabrda Türkmenistanyň we Indoneziýanyň futbol ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy we Indoneziýanyň Futbol assosiasiýasy sentýabr aýyndaky FIFA-nyň günlerinde iki döwletiň milli ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek barada ylalaşdylar.


Indoneziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýazylyşy ýaly, ýoldaşlyk duşuşygyny 8-nji sentýabrda Surabaýa şäherindäki «Gelora Bung Tomo» stadionynda geçirmek meýilleşdirilýär.


Türkmenistanyň we Indoneziýanyň milli ýygyndylary taryhda biri-biri bilen dört gezek duşuşdylar. Indoneziýa Dünýä kubogy ― 2014-iň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşykda 4:3 hasabynda üstün çykan bolsa, ikinji duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Iki ýygyndy ondan ozal Dünýä kubogy ― 2006-nyň saýlama tapgyrynda hem biri-birine garşydaş boldular. Bu duşuşyklarda ýygyndylar biri-birini öz meýdanynda şol bir hasap ― 3:1 hasaby bilen ýeňdiler.


Türkmen ýygyndysynyň sentýabr aýynda Gonkongyň ýygyndysy bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirjekdigini ýatladýarys.


27-nji iýulda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda geçiriljek bije çekişligiň netijesinde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Dünýä kubogy ― 2026-nyň ikinji saýlama tapgyryndaky topardaşlary belli bolar. Sentýabrdaky ýoldaşlyk duşuşyklary Mergen Orazowyň şägirtleri üçin saýlama duşuşyklara taýýarlygyň möhüm tapgyrlarynyň birine öwrüler.