Turkmenportal logo
12.07.23
3322833228
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Dinamo» Berdiýewiň golastyndaky ilkinji duşuşygynda «Torpedo» bilen oýnar

Mahaçkalanyň «Dinamo» futbol kluby Gurban Berdiýewiň tälim bermegindäki ilkinji oýnuny Moskwanyň «Torpedo» topary bilen geçirer.


«Biziň toparymyz möwsümiň ilkinji resmi duşuşygyna taýýarlanýar. «Dinamo» şenbe güni, 15-nji iýulda Moskwanyň «Torpedosy» bilen duşuşar. Duşuşyk paýtagtdaky «Lužniki» sport arenasynda geçirilip, sagat 19:30-da başlanar» diýlip, toparyň resmi saýtynda habar berilýär.



Duşenbe güni «Dinamonyň» oýunçylary türkmen tälimçisiniň golastynda futbol boýunça Russiýanyň çempionatynyň täze möwsümine taýýarlyk görüp başladylar. Russiýanyň birinji ligasynyň 2023/24-nji ýylky möwsümi 15-nji iýul güni badalga alar.


Ozal habar berşimiz ýaly, Gurban Berdiýew 9-nji iýulda Mahaçkalanyň «Dinamo» toparynyň baş tälimçiligine bellenildi. Onuň mundan ozalky iş ýeri «Soçi» topary bolupdy.