Gurban Berdiýew «Dinamo» toparyna tälim berer

20:5009.07.2023
0
30164

Gurban Berdiýew Mahaçkalanyň «Dinamo» toparynyň baş tälimçiligine bellenildi. Bu barada topar beýan etdi diýip, Sports.ru habar berdi.

Berdiýewiň soňky iş ýeri «Soçi» topary bolupdy. Ol «Soçi» bilen aprel aýynda hoşlaşypdy. «Soçi» Gurban Berdiýewiň tälim bermeginde 5 duşuşyk geçirip, 2 ýeňiş gazanyp, üç oýunda utulypdy.

2022/23-nji ýylky möwsümde futbol boýunça Russiýanyň çempionatynyň Birinji ligasynda sekizinji orny eýeledi.

Mahaçkalaly oýunçylar täze möwsüme 15-nji iýulda «Lužniki» stadionynda Moskwanyň «Torpedosy» bilen geçiriljek oýun arkaly girişer.

Ýeri gelende bellesek, Gurban Berdiýew 1952-nji ýylyň 25-nji awgustynda Aşgabatda dünýä indi. Ol 1971-1977-nji ýyllar aralygynda Aşgabadyň «Kolhozçy» toparynda çykyş edýär. Ýarymgoragçy bolup çykyş eden Gurban Berdiýew 1977-1978 möwsüminde Gazagystanyň «Kairat» toparynda, soňra ýene-de 1 möwsüm «Kolhozçyda» oýnaýar. Soňra Rostow-na-Donuň SKA hem-de «Rostselmaş» (häzirki «Rostow») klublarynyň hersinden 1 möwsüm çykyş edýär. 1981-nji ýylda «Kairata dolanan» Gurban Berdiýew 1985-nji ýyla çenli bu toparyň köýnekçesini geýýär we şol ýyl professional karýerasyny tamamlaýar. 400-e golaý duşuşykda 60 töweregi gol geçiren Gurban Berdiýew 1 ýyldan soň dessine tälimçilige baş goşýar. 1986-njy ýylda Jambyl şäheriniň «Himik» toparynda tälimçi bolup işe başlan Berdiýew bu ýerde 3 ýyllap tälim berýär. 1991-1993-nji ýyllar aralygynda Gazagystanyň «Taras», 1993-1994 möwsümnde Türkiýäniň «Gençlerbirligi» toparlarynda işleýär.

2000-nji ýyla çenli «Kairat», «Kaspi», Aşgabadyň «Nisa», toparlaryna, 1999-njy ýylda-da az wagtlyk Türkmenistanyň milli ýygyndysyna tälim berýär. Täze asyra geçip has tejribe toplan Gurban Berdiýew 2000-2001 möwsüminde Russiýanyň Smolensk şäheriniň «Kristall» (1-nji liga) toparynda işleýär. 2001-nji ýyldan başlap bolsa, 11 ýyllap özüne tutuş dünýäde uly şöhrat getiren «Rubin» toparynyň tälimçisi bolýar. Ilki topary ýokary liga çykaran Berdiýew 2003-nji ýylda Premýer liganyň bürünç medalyna mynasyp bolýar. 2008-nji we 2009-njy ýyllarda bolsa, «Rubine» Russiýanyň Premýer ligasynda 2 çempionlyk gazandyrýar. 2010-njy ýylda 3-nji ýeri eýelän «Rubin» bilen ol Çempionlar ligasynda ýatdan çykmajak ýeňişler gazanýar. «Barselonany» myhmançylykda 2-1 ýeňip, bütin dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Öz meýdançasynda «Inter», «Barselona», «Dinamo Kiýew» klublaryna ýeňilmeýär. Ol «Rubinde» işlän ýyllarynda Russiýanyň Kubogyna 1, Super Kubogyna-da 2 gezek mynasyp bolýar.

2013-nji ýylda Ýewropa ligasynda çärýek finala çykýar. Soňra 1 ýyllyk dynç alyşdan soň, «Rostow» toparynyň tälimçiligine bellenýär bu klub bilenem UEFA-nyň ýaryşynda ýatdan çykmajak duşuşyklary başdan geçirýär. 2015/2016 möwsüminde Premýer ligany 2-nji orunda tamamlan «Rostow» öz meýdançasynda «Aýaks», «Bawariýa» ýaly klublary ýeňýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň