Turkmenportal logo
11.07.23
2762827628
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Iş nokady» Aşgabadyň ýaşaýjylaryny «English club» duşuşygyna çagyrýar
«Iş nokady» Aşgabadyň ýaşaýjylaryny «English club» duşuşygyna çagyrýar

«Iş nokady» koworking merkezi nobatdaky gezek 16 ýaşdan uly bolan iňlis diliniň muşdaklaryny we bilermenleri «English club» duşuşygyna gatnaşmaga çagyrýar.


Bu ýerde dosltukly söhbetdeşlik atmosferasynda gatnaşyjylaryň her biri iňlisçe gepleýiş başarnyklaryny türgenleşdirmek, özüne ynamsyzlygyny ýeňmek bilen, geplemek endiklerini kämilleşdirip, şeýle-de çekeleşiklere we interaktiw oýunlara gatnaşyp biler.


Klubda sapaklary spiking klublaryň tejribeli guramaçysy bolan Nartäç Garaýewa alyp barar.


Nobatdaky gezek geçiriljek «English club» duşuşygy ýekşenbe güni — 16-njy iýulda sagat 17:00-da şu salgyda geçiriler: Aşgabat ş., «Berkarar» işewürlik merkezi, 1-nji gat, «Iş nokady» kompaniýasynyň ofisi.


Gatnaşmagyň tölegi — 100 manat. Gatnaşmaga öňünden ýazylmak üçin şu salgylanma girip ýa-da (+993 12) 46 81 65 telefon belgisine jaň edip bilersiňiz.