Turkmenportal logo
11.07.23
1994019940
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda futbol tälimçiliginiň "A" derejesi boýunça okuw geçirilýär

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda paýtagtymyzda “A” derejeli ygtyýarnamalary bolan tälimçileriň gatnaşmagynda okuw-maslahaty geçirilýär. Okuw-maslahatynyň esasy maksady “A” ygtyýarnamaly tälimçileriň derejelerini täzelemekden ybarat bolup durýar.


“Köpetdag” stadionynda geçirilýän tälimçilik kursuny ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi, AFK-nyň halypa-tälimçisi Röwşen Muhadow geçirýär. Gatnaşyjylar 6 günüň dowamynda nazaryýetdir tejribe sapaklaryndan synaglary tabşyrarlar.


Tälimçilik okuw-maslahatyna ýerli futbol hünärmenleriniň gatnaşýandygyny ýatladýarys.


AFK-nyň “A” derejeli ygtyýarnamasy bolan tälimçileriň derejelerini täzelemek boýunça geçirilýän okuw-maslahaty 15-nji iýula çenli dowam eder.