Ozal habar berşimiz ýaly, 7-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, BMG-niň bu iri guramasynyň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan birnäçe teklipleri beýan etdi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Merkezi Aziýa halkara barlaglar institutyna goşulmagy baradaky teklip hem bar.
ÝUNESKO-nyň Merkezi Aziýa halkara barlaglar instituty maddy we maddy däl medeni miras, daşky gurşaw, arheologiýa, taryh, etnografiýa, ýazuw we dilden ýazylan edebiýat, jemgyýetçilik ylymlary ýaly ugurlarda iş alyp barýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, bu ugurdaky işleri dowam etdirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

