Turkmenportal logo
07.07.23
4336143361
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Balkanly gallaçylar şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler
Balkanly gallaçylar şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler

Balkan welaýatynyň edermen gallaçylary döwlete bugdaý tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýurtda ilkinji bolup üstünlikli berjaý etdiler. Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadylyp, ýurduň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer wezipesine bellenilen T.Atahallyýew balkanly gallaçylaryň bu zähmet üstünligi baradaky hoş habary döwlet Baştutanyna ýetirdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň gallaçy daýhanlaryny ajaýyp zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, edermen daýhanlaryň netijeli zähmet çekmekleri üçin mundan beýläk-de döwlet tarapyndan ähli zerur şertleriň dörediljekdigini aýtdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.