«Royal British School» halkara lingwistik mekdepler torunyň Türkmenistandaky resmi wekili bolan «Iş nokady» hojalyk jemgyýeti dokuz aýlyk okuwyna täze kabul edişligi barada habar berýär.
«Royal British School» — Türkmenistandaky ilkinji halkara lingwistik bilim mekdebi bolup, bu ýerde öwrenijiler iňlis diliniň dünýäsine çuňňur aralaşmak we gözýetimlerini giňeltmek mümkinçiligine eýe bolýarlar.
Dili has gowy öwrenmek işi — her bir öwrenijä aýratyn çemeleşilmegi, şeýle hem sözleri dogry aýtmagy, öwrenýänleriň söz baýlygyny ýokarlandyrmagy we grammatikany özleşdirmegi ýaly dilleri öwretmekde dürli netijeleri gazanan mugallymlaryň hünär ussatlygy bilen ýeňilleşdirilýär.
Bu mekdep ýokary derejeli okuw gollanmalary bilen üpjün edýär, tejribede dil lagerleriniň we gezelençleriniň ulgamyny geçirýär, şeýle hem iňlis dilini beýleki dersler bilen toplumlaýyn öwredýär. «Royal British School» mekdebiniň bütindünýä franşizalar ulgamy bar, IELTS, TOEFL synaglaryna özbaşdak taýýarlaýar, şeýle hem Britaniýanyň şahadatnamalaryny we diplomlaryny almak mümkinçiligini berýär.
Okuw işinde iňlis dilini özleşdirmegiň netijeliligini we aňsatlygyny, umuman alanyňda, suwara gepleşmegi gazanmak üçin kommunikatiw çemeleşme we häzirki zaman usullar ulanylýar. Bu mekdepde okamagy saýlamak üçin itergi berjek ýene-de bir delil — oňaýly tertipnamasynyň we okuwlaryň dürli görnüşde bolmagydyr.
«Royal British School» mekdebine 10 ýaşdan uly çagalar we ulular kabul edilýär.
Maslahat almak üçin şu salgylanma giriň we degişli formany dolduryň.
Okuwlar «Iş nokady» HJ-niň şu salgyda ýerleşýän ofisinde geçirilýär: «Berkarar» işewürlik merkezi, 10-njy gat, J1 blogy. Telefon belgisi: (+993 12) 46 81 65.
