Turkmenportal logo
05.07.23
2657726577
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy dünýä reýtingindäki täze ornuny bildi
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy dünýä reýtingindäki täze ornuny bildi

«Futsal World Ranking» futzal boýunça milli ýygyndylaryň şu ýylyň iýun aýyndaky reýting sanawyny paýlaşdy.


Täzelenen sanawda Türkmenistanyň milli ýygyndysy 71-nji basgançakdan özüne orun aldy. Türkmen ýygyndysynyň utugy 879-a çykdy.


Reýtingde ilkinji bäş orny Braziliýanyň, Portugaliýanyň, Ispaniýanyň, Argentinanyň we Russiýanyň ýygyndylary eýeleýär.


Aziýa yklymy boýunça alnanda türkmen ýygyndysy 14-nji basgançakdadyr. Yklymyň öňdebaryjylarynyň hatarynda Eýran, Ýaponiýa, Özbegistan, Taýland we Awstraliýa bar.


Türkmen ýygyndysynyň 23 ― 30-njy iýul aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň çempionatyna gatnaşjakdygyny ýatladýarys. Bu ýaryşda Eýranyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Owganystanyň ýygyndylary hem güýç synanyşar.


Bu ýaryş Ýakup Öwezowyň şägirtleri üçin Aziýanyň kubogy ― 2024-iň 7 ― 11-nji oktýabr aralygynda Daşkent şäherinde geçiriljek saýlama tapgyryna taýýarlygyň bir tapgyry bolar.