Turkmenportal logo
04.07.23
2260322603
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow ŞHG-niň sammitinde Türkmenistanyň tekliplerini öňe sürdi
Serdar Berdimuhamedow ŞHG-niň sammitinde Türkmenistanyň tekliplerini öňe sürdi

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, sammitde çuň many-mazmunly çykyş etdi.


Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynda diňe pugta parahatçylyk, durnukly howpsuzlyk üpjün edilende, ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli boljakdygynyň äşgärdigini nygtady.


— Türkmenistan bu örän möhüm iki wezipäni amala aşyrmakda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow işleriň birnäçe anyk ugurlaryna üns bermegi teklip etdi. Olar:


— birinjiden, kiberhowpsuzlyk we biohowpsuzlyk ulgamynda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ýola goýmak;
— ikinjiden, täze yklymara we sebit üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge, bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen logistik işiň amatly usulyny emele getirmek;
— üçünjiden, energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmek arkaly yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin şertleri döretmek;
— dördünjiden, ýokary tehnologiýalar ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin binýady döretmek;
— bäşinjiden, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, ekologiýa babatda bilelikdäki işleri utgaşdyrmak.


Prezident Serdar Berdimuhamedow bular barada aýdyp, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiligine seretmegi ähli gyzyklanýan taraplara teklip etdi.


— Ýokarda bellenip geçilen ugurlaryň her biri boýunça ilkinji ädim hökmünde bilermenleriň derejesinde geňeşmeleri geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn. Şeýle geňeşmeleriň biziň şertlerimize we zerurlyklarymyza oňat baha bermäge, şonuň esasynda mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdiginden ugur alýarys — diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany beýan edilen başlangyçlary durmuşa geçirmegiň ilkinji nobatdaky çärelerini kesgitledi:


— Hyzmatdaşlygyň bu görnüşi Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça gatnaşyklaryň beýleki möhüm ugurlarynda hem ulanylyp bilner we hyzmatdaşlyga yzygiderlilik häsiýetini berer diýip hasap edýärin. Şeýle-de ol medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda-da ulanylyp bilner diýip pikir edýärin.


Prezident Serdar Berdimuhamedow:


— Ýurdumyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna strategik nukdaýnazardan seredýäris. Şeýle çemeleşme asyrlara uzap gidýän ruhy we medeni gatnaşyklarymyza esaslanýar. Bu gatnaşyklar biziň halklarymyzyňdyr döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkidýär — diýip belledi.


Bellenilişi ýaly, munuň özi Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň dürli düzümleriň we esasy halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmegi üçin goşmaça şertleri we mümkinçilikleri döredýär.


Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belläp, özara düşünişmegiň, hormat goýmagyň, ynanyşmagyň ýetilen derejesine ýokary baha berdi.


— Biziň ýurdumyz hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini we özara bähbitlerini, onuň halklarymyzyňdyr döwletlerimiziň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini aýdyň görýär — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy we mundan beýläk-de bilelikdäki netijeli işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.


Hindistanyň Premýer-ministri çuň many-mazmunly çykyşy üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edip, ŞHG-niň çäklerinde giň ugurlar boýunça Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.


«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde Türkmenistanyň öňe süren oňyn başlangyçlary sebit we sebitara derejede özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, taryhy taýdan emele gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýan döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna gönükdirilendir.