Kanadadaky tokaý ýangynlarynyň tüssesi Atlantik ummanyndan geçdi we Irlandiýa hem-de Beýik Britaniýa ýetdi. Meteorologlar Günbatar Ýewropanyň hemradan alnan suratlarynda gara nokatlaryň aýdyň görünýändigini habar berdiler, şol bir wagtyň özünde, ýerden tüsse görünmeýär, ol atmosferanyň ýokarky gatlaklarynda ýerleşýär diýip, TASS habar berýär.
2023-nji ýylyň başyndan bäri Kanadada tokaý ýangynlary jemi 6 million gektardan gowrak meýdany eýeledi. Häzirki wagtda 420 sany ýangyn ojagy işjeň ýagdaýda, olaryň 210-a golaýyny ýangyn söndürijiler henizem gözegçilikde saklap bilenoklar.
Maý aýynyň aýagynda Kanadada tokaý ýangynlary sebäpli ýurduň täze taryhyndaky iň iri halas ediş işleri geçirildi, 18 müň adam öýüni terk etdi. Iýun aýynyň başynda heläkçilik zolagyndan eýýäm 30 müň adam ewakuasiýa edildi. şol wagt hem Kanadadaky tokaý ýangynlarynyň tüssesi Nýu-Ýorkuň asmanyny tutdy.
