Turkmenportal logo
25.06.23
1934419344
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Sloweniýanyň Döwlet güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara ýurduň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nataşa Pirs-Musara berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Sloweniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk barada ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.