Turkmenportal logo
25.06.23
7097370973
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen telewideniýesi 12 sagatlyk tehniki arakesme yglan etdi
Türkmen telewideniýesi 12 sagatlyk tehniki arakesme yglan etdi

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti ähli tele we radio ýaýlymlarda 26-njy iýunda sagat 00:00-dan 12:00-a çenli abatlaýyş-sazlaýyş işlerini geçirmek üçin tehniki arakesme yglan etdi.


Türkmen teleýaýlymlarynda habar berlişi ýaly, kesgitlenen aralykda tele-radio ýaýlymlarda käbir tehniki işler geçirilip, gündiz sagat 12:00-dan başlap, milli ýaýlymlaryň ählisi öz gepleşiklerini bellenen meýilnama boýunça dowam eder.