Turkmenportal logo
18.06.23
3697736977
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Milan»-nyň gyzyklanýan oýunçysy CAFA Nations Cup ― 2023-niň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy

Eýranyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mehdi Taremi Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogynyň toparçasynda iň köp gol geçiren oýunçy boldy.


«Porto»-nyň 30 ýaşly hüjümçisi toparçalaýyn tapgyrda bolan iki oýunda 6 gol geçirip, Eýrany ilkinji gezek CAFA Milletler Kubogy-2023 ýaryşynyň finalyna çykardy. Milli ýygyndy toparçada Owganystany (6:1) we Gyrgyzystany (5:1) utdy.


Öň habar beriş serişdelerinde «Milanyň» hüjümini güýçlendirmek üçin mümkinçilik gözleýändigi barada maglumatlar ýaýrapdy. Dalaşgärleriň biri hökmünde hem «Porto»-nyň hüjümçisi Mehdi Taremi görkezilýär.


Eýranyň we Özbegistanyň milli ýygyndy toparlarynyň arasynda boljak CAFA-2023 Milletler Kubogynyň finaly 20-nji iýunda Daşkentdäki «Bunýodkor» stadionynda geçiriler. Ýaýlyma alyp görkeziliş Aşgabat wagty 20:30-da başlar.