Şu günler Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA) Kubogy ýaryşyna gatnaşýarlar. «CAFA Nations Cup-2023» ýaryşy 10-njy iýunda Bişkek we Daşkent şäherlerinde taryhda ilkinji gezek badalga aldy.
Bu uly jogapkärli halkara ýaryşlara türkmen milli ýygyndy topary kärhana tarapyndan ýörite niýetlenip taýýarlanan «Däp» haryt nyşanly futbol geýimlerinde taýýarlyk gördüler.

«Däp haryt nyşanynyň hünärmenler toparynyň esasy maksady türgenleşiklerde rahatlygy üpjün etmek üçin türgenleriň isleglerine laýyk gelýän ýokary hilli geýimleri döretmek. Bu geýimler milli toparyň öz ýurduna wekilçilik etmekdäki buýsanjyny, şeýle hem ýerli geýim haryt nyşanynyň goldawyny görkezýär» — diýlip, «Däp» dokma önümleriniň press-relizinde bellenip geçilýär.
Bu geýimleriniň türgenleşik toplumy köýnekçeden we şortdan ybarat. Olar oýunçylar üçin suprem matasyndan sarymtyl-ak we ak reňklerde taýýarlanypdyr, tälimçilik düzümi üçin bolsa gara reňkde öndürilipdir. Şortlara hem çalymtyl reňk berlipdir.
Dynç alyş geýimleri — polo-köýnekçeleri oýunçylar üçin ýaşyl reňkde bolup, tälimçilik düzümi üçin çal reňkdedir.
«Däp» haryt nyşanynyň ýokary hilli egin eşikleri almaga isleg bildirýän dürli işewürlik ugurlaryndaky kärhanalar üçin ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni görkezendigini bellemelidiris.
Ajaýyp ussatlyk tejribesine we geýimleri tikmekde has inçeden çemeleşmäge üns bermegi netijesinde bu haryt nyşany häzirki döwrüň stiline kybap geýimleri öndürmekde meşhurlyk gazandy.
Habarlaşmak üçin:
- «Aşgabat» SDAM, B-1.32 dükany;
- «Berkarar» SDAM, B57B dükany;
- Salgylanma boýunça «Trendyol» marketpleýsi;
- Telefon belgileri: (+993 61) 85 77 70, (+993 64) 58 73 88;
- Sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Şeýle-de okaň:
