Soňky habarlar

Arhiw

Tomusy «Däp» türkmen haryt nyşanynyň owadan kapsula toplumy bilen garşy alalyň

10:3819.05.2023
0
37933

Tomus möwsüminiň öňüsyrasynda türkmen haryt nyşany «Däp» täze kapsula toplumyny – «Urban» atly özboluşly egin-eşik liniýasyny çykardy.

Çäkli sanda öndürilen egin-eşik toplumy ulular we çagalar üçin köýnekçeleri (futbolkalary), köýnekleri, şortylary, zenan köýneklerini, toplary öz içine alýar. Önümleriň ýönekeý göni çyzyklary we ýokary hili olary özara sazlaşdyrmaga hem-de dinamiki görnüş döretmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem topluma eýesiniň aýratynlygyny ýüze çykarýan özboluşly nagyşlar bilen bezelen şopper-ýantorbalary hem girizilendir.

«Däp» haryt nyşany täze «Urban» egin-eşik liniýasynda açyk we doýgun reňklere ünsi jemläpdir. Mundan başga-da, «Däp» topary özüne çekiji utgaşmalary döredip, matalaryň gurluşlary bilen synag geçiripdir we şol bir wagtyň özünde rahatlygy hem ýatdan çykarmandyr.

Türkmenistanly haryt nyşanynyň muşdaklaryna türkmen medeniýeti bilen häzirki moda meýilleriniň utgaşmasy bolan «ART collection» toplumynyň hem garaşýandygyny bellemek gerek. «Söwda», «Bazar» we «Ýertudana» şekilleri göwnüňi göterýär we «ART collection» toplumynyň esasy ideýasyny – häzirki durmuşy görkezýär.

Garderobyňyzy «Däp» toplumynyň täze egin-eşikleri bilen baýlaşdyrmak üçin haryt nyşanynyň Aşgabadyň aşaky salgylarda ýerleşýän dükanlaryna baryp bilersiňiz:

  • «Aşgabat» SDAM (B-1.32);
  • «Berkarar» SDAM (B57B);
  • «Trendyol» söwda platformasy – salgy boýunça.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • telefonlar: (+993 61) 85 77 70, (+993 64) 58 73 88;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň