Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen egin-eşik haryt nyşany «Däp» öz önümlerini «Trendyol-da» satyp başlady

09:2620.03.2023
0
28265

«Däp» satuwlarynyň geografiýasyny giňeldýär. Türkmen egin-eşik haryt nyşany Türkiýäniň iň meşhur söwda gurşawlarynyň biri bolan «Trendyol-yň» onlaýn-tekjesinde peýda boldy.

Indi özüniň gaýtalanmajak dizaýny bilen türkmen halkynyň özboluşly medeni gymmatlyklaryny we däplerini şöhlelendirýän «Däp» haryt nyşanly çäkli sanda öndürilýän egin-eşik toplumlary daşary ýurtly alyjylar üçin hem elýeterli bolar.

«Biz döwrebap usullar arkaly milli ruhy şekillendirýän «Däp» haryt nyşanly önümler bilen beýleki ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň hem tanyşmaklary üçin täze bazarlary özleşdirýäris. Biziň üçin Türkmenistany küýseýän her bir adamyň biziň egin-eşiklerimizi satyn almagy ýa-da ýakynlaryna sowgat bermegi hem örän wajypdyr.

«Trendyol» söwda gurşawynda çykmak biziň üçin başlangyç nokatdyr, ýakyn geljekde dünýäde has köp adamyň «Däp» haryt nyşanly önümleri satyn alyp biljekdigine söz berýäris» diýip, haryt nyşanynyň wekili gürrüň berdi.

«Trendyol-da» haryt nyşanyny gözleg bölümine «Dap clothing» diýip ýazmak arkaly tapyp bilersiňiz.

Internet-meýdançanyň alyjylary üçin haryt nyşanynyň dürli önümleri eýýäm elýeterli edildi, olaryň hatarynda «Däbiň» iň köp satylan önümleri hem bar: «Alabaý», «At» şekilleri ýerleşdirilen we «Göz degmesin» ýazgyly köýnekçeler.

«Däbiň» «Trendyol-da» hödürlenýän harytlarynyň görnüşleri bilen şu salgyda has ýakyndan tanşyp bilersiňiz.

Şeýle hem Türkmenistanyň ýaşaýjylary haryt nyşanynyň Aşgabatdaky ýörite dükanlaryna baryp bilerler: «Aşgabat» SDAM (B-1.32) we «Berkarar» SDAM (B57B).

Habarlaşmak üçin maglumatlary:

  • telefon: (+993 61) 85 77 70, (+993 64) 58 73 88;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň