Turkmenportal logo
11.06.23
1768017680
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek hakynda Buýruga gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek hakynda Buýruga gol çekdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylyň 22-nji iýuny — 15-nji iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.