Turkmenportal logo
11.06.23
2975129751
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystanyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystanyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe gynanç hatyny iberdi.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gynanç hatynda Gazagystan Respublikasynyň Abaý oblastyndaky giň gerimli tokaý ýangynlary we bu pajygaly ýagdaýyň adam pidalaryna getirendigi baradaky habary çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul edendigini belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


— Şu agyr pursatda biz Siziň bilen öwezini dolup bolmajak ýitginiň gynanjyny paýlaşýarys, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjymyzy beýan edýäris, ejir çeken sebitlere bolsa tiz wagtda abadan durmuşa gaýdyp gelmegini arzuw edýäris — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow hatynda nygtady.


Türkmenistanyň Prezidentiniň gazak kärdeşine gynanç hatyny ýollandygyny habar beripdik.