Turkmenportal logo
08.06.23
2611326113
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TFF-niň kubogy ― 2023: «Merw» bilen «Şagadam» ikinji ýeňşini gazanmak üçin meýdana çykýarlar

Şu gün Aşgabadyň etegindäki Bagyr ýaşaýyş toplumyndaky stadionda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogynyň 2-nji tapgyrynyň çägindäki «Merw» ― «Şagadam» duşuşygy geçiriler.


TFF resmi saýtynda duşuşygyň agşam sagat 18-de başlanjakdygyny habar berdi.


Ýaryşa toparlaryň ikisi hem ýeňiş bilen başlady. «Merw» «Aşgabady» 4:1 hasabynda ýeňen bolsa, «Şagadam» «Energetikden» 1:0 hasabynda üstün çykdy. Şu gün toparlaryň haýsy ýeňiş gazansa, birinji ornuň ýeke-täk eýesi bolmaga mümkinçilik bar.


TFF-niň kubogy ― 2023-iň ýeňijisi 14-nji iýunda belli bolar.